Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi russiýaly diplomaty hatyralamak çäresine gatnaşdy

10:4019.12.2020
0
13360

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçisi Işanguly Amanlyýew dört ýyl ozal Ankaradaky terrorçylykly hereket sebäpli aradan çykan Russiýanyň Gahrymany Andreý Karlowyň hatyrasyna geçirilen dabara gatnaşdy.

TASS-yň habaryna görä, hatyra çäresinee Azerbaýjan, Belarus respublikasy, Gazagystan, Gyrgyzystan, Moldowa we Täjigistan ýaly döwletleriň ilçileri hem gatnaşdy.

Günüň dowamynda Russiýanyň daşary ýurt wekilhanalarynyň işgärleri Karlowyň Russiýanyň Türkiýedäki ilçihanasyndaky ýadygärligine gül desselerini goýdular.

Russiýanyň Türkiýedäki ilçisi bolup işlän Andreý Karlow 2016-njy ýylyň 19-njy dekabrynda Ankarada häzirki zaman sungat merkezinde geçirilen surat sergisiniň açylyşynda aradan çykdy. Ol ozalky polisiýa işgäri Mewlüt Mert Altintaş tarapyndan atyldy. Terrorçy dessine türk polisiýasy tarapyndan ýok edildi.

Russiýanyň Daşary işler ministrligi bu wakany terrorçylyk hökmünde häsiýetlendirdi. Russiýa Federasiýasynyň Derňew komiteti «Halkara terrorçylyk kanunyna» laýyklykda jenaýat işini açdy.

Andreý Karlow aradan çykandan soň, ol «Russiýanyň Gahrymany» diýlip yglan edildi.

Häzirki wagtda Ankaranyň aýratyn agyr jenaýatlar boýunça ýokary kazyýeti Andreý Karlowyň öldürilmegi bilen baglanyşykly derňewleri dowam etdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň