2021-nji ýylda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIII maslahaty ýokary derejede geçiriler

21:0717.12.2020
0
8082

Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň wezipelerine bagyşlanyp geçirilen maslahatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary R.Bazarowa degişli görkezmeleri berdi.

Hususan-da, birleşigiň daşary ýurtlardaky türkmen-medeni jemgyýetleri hem-de bölümleri tarapyndan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahatlary hem-de wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli guramak, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň ähmiýetini dünýä türkmenlerine giňden düşündirmek maksady bilen onlaýn-maslahatlaryny geçirmek babatda bellenildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň dowamynda 2021-nji ýylda birleşigiň döredilmeginiň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIII maslahatyny ýokary derejede geçirmäge häzirden taýýarlyk görüp başlamagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz “Türkmen dünýäsi” gazetinde dünýä türkmenleriniň medeniýeti, däp-dessurlary, durmuşy hakyndaky makalalara uly orun berilmegine hem-de daşary ýurtly türkmenler bilen “tegelek stoluň başyndaky” söhbetdeşlikleri taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Şeýle hem sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, dünýä türkmenleri bilen geçirilýän halkara çärelerinde türkmen diliniň, edebiýatynyň, sungatynyň, däp-dessurlarynyň ösdürilmegini işjeňleşdirmegiň wajypdygy bellenildi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz dostlugyň nyşany hökmünde ynsanperwer kömeklerini bermegi ýokary guramaçylykda amala aşyrmak üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ýurdumyzda hem-de türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan ýurtlarynda sergileri we festiwallary guramak möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlendi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň