Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenpoçta» täze markalary çykardy

19:3214.12.2020
0
14224

«Türkmenpoçta» döwlet poçta kompaniýasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik markalaryny çykardy.

Markalar häzirki wagtda Türkmenistanyň gazananlaryna, ösümlik we haýwanat dünýäsine, halk senetlerine we ýurduň taryhy, gözel ýerlerine bagyşlanýar.

Önümlerinde häzirki zaman Aşgabadyň görnüşleri, tebigatyň özboluşly künjekleri, orta asyr binagärliginiň ýadygärlikleri, şol sanda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklarymyz şekillendirilýär.

Şeýle hem türkmen alabaýlaryna we ahalteke atlaryna, milli şaý-seplerimize we halk senetlerine bagyşlanan markalaryň bir topary çykaryldy

Oba hojalygynda, ulag we logistikada, sportda gazanylan üstünliklerimizi şöhlelendirýän markalar hem täzeleriň hatarynda.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň