Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady

06:5214.12.2020
0
9752

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli pudagyň wekillerine Gutlagyny iberdi. Milletiň Lideriniň Gutlagynda, hususan-da, şeýle diýilýär:

«Hormatly nebitçiler, gazçylar we geologlar!

Siziň ähliňizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň baky Bitaraplyk baýramynyň şanly 25 ýyllygynyň uly dabaralary bilen utgaşyp gelen Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, abadançylyk, eziz Diýarymyzyň milli ykdysadyýetini pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistan Watanymyz ägirt uly tebigy baýlyklara eýe bolmak bilen, iri energiýa serişdelerini öndüriji ýurt we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde bütin dünýäde uly abraýdan peýdalanýar. Biz öz tebigy baýlyklarymyzy dine bir halkymyzyň däl, eýsem, bütin adamzadyň abadan durmuşynyň, ýagty geljeginiň hatyrasyna gönükdirýäris. Muňa nebitgaz toplumynda amala aşyrýan iri taslamalarymyz, hususan-da, dünýäde uly gyzyklanma döredýän «Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasy aýdyň mysal bolup biler. Geljekde hem ýangyç-energetika toplumynda şunuň ýaly sebit we dünýä ähmiýetli täze taslamalary durmuşa geçirmek biziň döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biri bolar.

Hormatly nebitgaz toplumynyň işgärleri!

Biz nebitgaz toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak, onuň düzümini täze, döwrebap önümçilikleri döretmegiň hasabyna baýlaşdyrmak babatda ençeme taslamalary durmuşa geçirdik we bu ugurdaky maksatnamalaýyn işleri geljekde hem dowam etdireris.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäklerinde täze, geljegi uly bolan, nebite we gaza bay ojaklaryň açylmagy, ýurdumyzda tebigy gazy gaýtadan işläp, dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan zerur we bäsleşige ukyply önümleri öndürjek gazhimiýa toplumlarynyň işe girizilmegi aýratyn buýsançly we örän guwandyryjydyr.

Bulardan başga-da, ýakyn geljekde gurulmagy meýilleşdirilýän birnäçe täze gazhimiýa toplumlarymyz tebigy gazy düýpli gaýtadan işläp, alynýan önümleriň görnüşlerini we möçberini has-da artdyrmaga, pudagy toplumlaýyn diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge oňyn şertleri döreder.

Gadyrly nebitgaz we geologiýa pudagynyň zähmetsöýer işgärleri!

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019—2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», şeýle hem «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» önümçiligiň derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen zerur çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa ählumumy hem-de sebit derejelerinde ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyny, durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmek bilen berk baglanyşykiydyr.

Ylmyň we tehnikanyň häzirki ösen döwründe çig nebitiň we nebit önümleriniň ulanylyşy barha artýar. Şol nukdaýnazardan, ýurdumyzda nebithimiýa pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berýäris.

Bu ugry ösdürmek, bay uglewodorod serişdelerini netijeli ulanmak, energiýa serişdeleriniň gaýtadan işlenilýän we eksport edilýän möçberlerini artdyrmak biziň esasy maksatlarymyzyň biridir.

Bu alyp barýan işlerimiz döwletimiziň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak babatdaky syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Zähmetsöýer türkmen nebitçileriniň, gazçylarynyň, geologlarynyň meýilleşdirilen ähli wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine berk ynanýaryn.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitçileri, gazçylary we geologlary!

Sizi Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, nebitgaz senagatyny ösdürmek, eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň