Şu gün Döwlet medeniýet Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk konserti boldy.
Şu döwlet konsertiniň ähli çykyşlarynda Bitarap Watanymyzyň waspy ýaňlandy. Konserte ýurdumyzyň meşhur aýdymçylary we sazandalary, belli tans hem-de folklor toparlary, ýaş zehinler gatnaşdylar.
Konsert “Arkadagym toý tutýar, toýumyza gel, toýumyza!” atly edebi-sazly kompozisiýa bilen başlandy. Soňra baýramçylyk konserti gyzykly çykyşlar bilen dowam etdirdi.
Ajaýyp zalda dünýäniň dürli dillerinde aýdym-sazlar ýaňlandy hem-de halklaryň tanslary ýerine ýetirildi. Şunda tans toparlary wekilçilik edilýän ýurtlaryň her biriniň milli lybaslaryna beslendiler, uly ekranda görkezilýän tebigatyň ajaýyp görnüşleri, dünýäniň dürli şähenrleriniň özboluşly gymmatlyklary hem-de ajaýyp künjekleri bolsa baýramçylyk konsertine aýratyn öwüşgin çaýdy.
Joşgunly rus kadrili we ajaýyp gyzlar baradaky gazak halk aýdymy, meşhur “Anor-Anor” täjik aýdymy, azerbaýjan halk aýdymy hem-de döwrebap özbek aýdymy bir sahnada birleşdi. Şadyýan “Kuma-kuma” belarus halk aýdymynyň yzysüre “Aýdyşyk” ukrain halk aýdymy ýerine ýetirildi. Türkmen aýdymçylary türk, gyrgyz we ermeni dillerinde söýgi hakyndaky aýdymlary ýerine ýetirdiler.
“Parahatlyk şuglasy” atly çykyşda Döwlet tans topary joşgunly polka, gopak, moldowan, lezgi tanslaryny ýerine ýetirdiler.
“Alys Gündogaryň owazlary” – ýapon, koreý we hytaý aýdymlary konserte özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
“Dost-doganlyk sazlary” bölüminde eýran, owgan, pakistan, arap sazlary ussatlyk bilen ýerine ýetirildi. “Disko” hindi tansy bolsa Bolliwudyň meşhur kinofilmlerinden parçalary ýatlatdy.
Zehinli ýerine ýetirijiler köpöwüşginli aýdym-saz we tans çykyşlarynda çäginden Beýik Ýüpek ýoly geçen ýurtlarda ýaşan halklaryň baý we özboluşly däp-dessurlary barada gürrüň berdiler. Häzirki wagtda bu ýol halkara ähmiýetli ykdysady we medeni taslamalarda gaýtadan dikeldilýär.
Ýewropanyň nusgawy we estrada aýdym-sazlary baýramçylyk konsertiniň hakyky bezegine öwrüldi. “Mukam” çagalar skripkaçylar topary Bramsyň “Wenger tansyny” ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Bu saz ajaýyp kompozitor tarapyndan wenger halk sazynyň esasynda döredildi.
Ýewropa yklymyna özboluşly aýdym-sazly gezelenç meşhur “Funikuli finikula” italýan aýdymy, fransuz hem-de ispan aýdymlary, “Modern Talking” toparynyň esaslandyryjysy we gatnaşyjysy Diter Boleniň repertuaryndan iňlis dilinde ýerine ýetirilen “Sen meniň kalbym” aýdymy bilen dowam etdirildi. “Gitaranyň owazy” latyn amerikan aýdymy hem tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Konsert maksatnamasynyň Ýewropa bölegi meşhur aýdymçylaryň hem-de paýtagtymyzyň sazçylyk okuw mekdepleriniň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde “Ýewropanyň ýalkymy” çykyşy bilen tamamlandy.
Däp bolşy ýaly, baýramçylyk konsert maksatnamasy gadymy “Küştdepdi” tansy bilen jemlenildi. Meşhur aýdymçylar, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hory hem-de baýramçylyk konsertine gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan ruhubelentlik bilen ýerine ýetirilen “Arkadagly ýurdum baky Bitarap” atly watançylyk aýdymy Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň şanyna guralan döwlet konsertiniň özboluşly we köpöwüşginli jemlenmesine öwrüldi.