Soňky habarlar

Arhiw

“Türkmenfilm” birleşigi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk baýramyna film taýýarlady

16:4612.12.2020
0
9175
“Türkmenfilm” birleşigi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk baýramyna film taýýarlady

Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk baýramçylygy üçin täze film çykardy.

“Galkynyş” atly täze film, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabyna esaslanýar. Bu barada “Туркменистан: - золотой век” saýtynda habar berilýär.

Täze filmde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň işi we durmuşy barada gürrüň berilýär.

Filmiň baş gahrymany Jennet atly gyz. Ol ýaşlygyna garamazdan, atlara aýratyn söýgüsi bar. Jennetiň zähmetsöýerligi we erjelligi bilen çekilen surat, ulular we kiçiler üçin, umuman alanyňda islendik ýaşdaky adamlar üçin atyň gadym wagtdan bäri gelýän aýratyn gymmatlykdygyny açyp görkezýär.

Çeperçilik bilen çekilen surat dürli adamlaryň birek-birege bolan gatnaşygyny görkezýär. Filmde atalaryň we çagalaryň arasynda ýüze çykýan derwaýys meseleler barada hem durlup geçilýär. Filmde beýan ediljek bolýan umumy tema, bu maksada ýetmek üçin ähli tagallalary etmeli diýen pikir bolup durýar.

Filmiň režissýory - Wepa Işankuliýew. Baş rollarda Jennet Seýdiýewa we Arslan Annamyradow çykyş etdiler. Filmde Türkmenistanyň Halk aýdymçysy Çary Berdiýew we Döwlet Hanmämmedow ýaly türkmen kinosynyň tanymal aktýorlary hem rol aldy. Şeýle hem bu film, Pygy Baýramdurdiýewiň ýolbaşçylygyndaky atçylyk toparynyň ähli düzümini öz içine aldy we filmdäki kiçijik Jennediň roluny, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň işjeň agzasy

Medine Baýramdurdiýewanyň 12 ýaşly gyzy oýnady.

Çeper filme şu gije ähli Türkmen teleýaýlymlarda tomaşa etmek bolar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň