Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow Nazarbaýewi we Tokaýewi Gazagystanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

23:4510.12.2020
0
6410

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan we hut öz adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi, ýurduň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýewi we Gazagystanyň ähli doganlyk halkyny Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady we hoşniýetli arzuwlaryny aýtdy.

Döwlet Baştutany gutlagynda garaşsyzlyk ýyllary içinde Gazagystanyň döwletliligi berkitmekde, halkyň abadançylygyny gowulandyrmakda we ýurduň halkara giňişligindäki abraýyny belende götermekde ägirt uly üstünlikleri gazanandygyny belledi.

“Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasyny köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hem-de özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň türkmen-gazagystan gatnaşyklaryny iki doganlyk halkyň bähbidine yzygiderli ösdürmek we pugtalandyrmak üçin berk esas bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn” diýip, milletiň Lideri nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň