Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmäge bagyşlanan iş maslahatynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Balkanabat howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň durkuny täzelemek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ýük howa gämilerini satyn almak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, üstaşyr mümkinçiliklerden has doly peýdalanmak, goşmaça hyzmatlary amala aşyrmak zerur bolup durýar ― diýip, milletiň Lideri iş maslahatynda aýtdy.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda Aşgabatda we Türkmenabatda halkara howa menzilleri guruldy. Häzir bolsa Kerki şäherindäki menziliň gurluşygy dowam edýär.