Dünýäde iň betgelşik jandar diýlip ykrar edilen damja-balyk Täze Zelandiýada ýylyň balygy boldy diýip, «New York Post» neşiri habar berdi.
Mundan on ýyl öň damja-balyk (Psychrolutes marcidus) «dünýäde iň bedroý jandar» diýlip yglan edilipdi, indi bolsa ol Täze Zelandiýada «ýylyň balygy» derejesine mynasyp boldy. Deňziň çuňluklarynda ýaşaýan bu geň balyk «Mountain to Sea Conservation Trust» guramasynyň konkursynda sesleriň 1286-sini alyp, ýeňiş gazandy.
Özboluşly daş görnüşi bolan damja-balygyň ýüzi «hemişe nägile gyňyr gojany» ýatladýar. Ol Täze Zelandiýanyň we Awstraliýanyň kenarýakalarynda ýaşaýar. Onuň skeleti ýok, teňňeleri we ýüzüş köpürjigi oňa basyş çakdanaşa ýokary bolan çuň ýerlerde ýaşamaga mümkinçilik berýär.
«Ýylyň balygy» bäsleşigi goraga mätäç bolan görnüşlere ünsi çekmek maksady bilen guralýar. Onda iň soňky orny eýelän mawy treska balygyndan beýleki görnüşlere ýitip ýok bolmak howpy abanýar.