Soňky habarlar

Arhiw

«Muhammet-Balkan» erkekler üçin deri gapjyklary öndürip başlady

13:0301.12.2020
0
13968

«Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýeti «MB» haryt nyşany bilen öndürýän deri önümleriniň görnüşlerini barha köpeldýär.

Ýakynda «MB» deri önümlerine erkekler üçin niýetlenen gapjyklar hem goşuldy. Gapjyklaryň önümçiliginde kompaniýanyň özünde gaýtadan işlenilýän deri peýdalanylýar. Ýakyn wagtda zenanlar üçin niýetlenen gapjyklary hem öndürip başlamak göz öňünde tutulýar.

Bu jojalyk jemgyýetiniň aýakgaplaryň we halylaryň dürli görnüşlerini öndürip, içerki we daşary bazarda hödürleýändigini ýatladýarys.

Kompaniýanyň alyp barýan işleri baradaky giňişleýin maglumatlary onuň resmi saýtyndan alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň