Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikdäki «Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalygynyň howa şertlerine durnukly ykdysady durmuşyny goldamaklyk» taslamasynyň çäginde geçirilen iş mejlisinde oba hojalygy bilen suw hojalygy pudaklarynda gender taýdan gowşaklygy ýüze çykarmaklyk we ony çözmeklik arkaly jemgyýetiň durnuklylygyny ýokarlandyrmaklyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Onlaýn ýagdaýda geçirilen bu ýygnak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaklyk meselelerini göz öňünde tutup, pudaklaýyn meýilnamalaşdyrmaklykda we býujetleşdirlikmekde gender taýdan bölünmedik maglumatlary ýygnamagyň, gaýtadan işlemegiň we ulanmagyň tertibini beýan edýän görkezmäniň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy.
Bu çärä Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw serişdeleri boýunça döwlet komitetiniň, Döwlet statistika komitetiniň 20-den gowrak wekili, Daşoguzyň we Lebap welaýatlarynyň häkimlikleriniň, Görogly we Dänew etraplarynyň häkimlikleriniň, ýerli geňeşlikleriň, Türkmen oba hojalygy institutynyň, Durnukly ösüş boýunça döwletara komissiýasynyň hünärmenleri, FAO / GEF Sebit taslamasynyň işgärleri, Global suw hyzmatdaşlary we taslama topary gatnaşdy.
Howanyň üýtgemeginiň täsirlerine çydamly hem üstünlikli jogap bermeklik bilen durnukly jemgyýetleri gurmaklyk ýerli we milli derejede degişli meýilnamalaşdyryşy talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, taslama gender aýratynlyklaryny we zerurlyklaryny ýüze çykarmaklyk hem-de olary çözmeklik babatynda oba hojalygy bilen suw hojalygy pudaklarynda uýgunlaşma meýilnamalaşdyrylyşyna we býudjet bölünişigine integrasiýa boýunça görkezmeleri işläp düzýär.
Duşuşykda gender meseleleri boýunça halkara geňeşçisi Gulnara Ibraýewa gatnaşyjylary «Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaklyk we çydamlylyk çärelerinde gender deňligini ýokarlandyrmaklyk üçin gender taýdan bölünmedik maglumatlary ýygnamaklyk, gaýtadan işlemeklik, derňemeklik, ulanmaklyk we saklamaklyk üçin görkezmeleriň taslamasy» we resminamany gowulandyrmaklyk üçin alnan teklipler bilen tanyşdyrdy.
Gulnara Ibraýewa:
«Gender statistikasy, durmuşyň ähli ugurlarynda aýallaryň we erkekleriň arasyndaky tapawutlary we deňsizlikleri görkezýänligi bilen özboluşlydyr. Bu geljekdäki ösüş üçin meseleleri düzmäge mümkinçilik berýär.» – diýip belleýär.
USAID tarapyndan maliýeleşdirilýän «Türkmenistanda döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmäge kömek» maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygyň çäginde taslama degişli görkezmeleri işläp düzmeklik arkaly zenanlar üçin kesgitli uýgunlaşdyryş çärelerini taýynlamaklyk hem-de gender taýdan tapawutlanýan gowşaklygyň derejesini bahalandyrmaklyk babatynda görkezijiler ulgamyny döretmeklik barada tagalla edilýär.
Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň metbugat beýanynda habar berildi.