Ýaponiýanyň imperatory tarapyndan her ýylyň başynda gurnalýan «Täze ýyl gutlagy» çäresi, ýurtda täze görnüşli «COVID-19» ýokanç keseliniň köpelmegi sebäpli ýatyryldy.
Kýodo gullugynyň habaryna görä, imperatorlyk işleri edarasy bolan «Kunaicho» tarapyndan her ýylyň başynda Tokiodaky köşgüň bagynda geçirilýän baýramçylyk we gutlag çäresini ýatyrmaklyk kararyna gelindi.
Imperator Naruhito, imperatoryň aýaly Masako we köşk ýaşaýjylary 2-nji ýanwarda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli paýtagt köşgüniň münberinden müňlerçe adamyny garşylamaz.
Kararda, Köşk bagynyň açyk we ýapyk ýerlerinde salamlaşmaga garaşýan mähelläniň birine-birine örän ýakyn durmagynyň epidemiýa döwründe uly töwekgelçiligi döredip biljekdigi aýdyldy.
2019-njy ýylyň maý aýynda tagta çykan we 2020-nji ýylyň başynda «Täze ýyl gutlagy» çäresini guran Naruhitonyň 60 ýaş ýubileý dabarasy-da epidemiýa sebäpli fewral aýynda ýatyrylypdy.
Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli köpçüligiň öňünde salamlaşmaklyk çäresi mundan ozal 1990-njy ýylda öňki imperator Akihitonyň kakasy Hirohitonyň ýyly mynasybetli ýatyrylypdy. Öňki imperator Akihitonyň kakasy Hirohitonyň aradan çykanyna 2021-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda 32 ýyl bolýar.