Ankaranyň ýaşaýjylary, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralary görmäge mümkinçilik gazandylar

20:2426.11.2020
0
5292

Türkiýäniň paýtagtyndaky iň uly köçeleriniň birinde, Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we Syýahatçylyk ministrliginiň administratiw binasynyň öňündäki uly LED ekrany, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli wideogörnüşleri görkezmäge başlady.  Bu barada Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň web sahypasynda habar berilýär.

Şeýlelik bilen, Türkiýäniň paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary Türkmenistanyň syýasy, ykdysady we medeni ösüşi, ýurduň Bitaraplyk syýasaty, durnuklylygy, howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmekdäki wezipeleri bilen tanyşmaga mümkinçilik gazandylar.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan bannerler şäheriň birnäçe ýerinde uly ekranlarda hem görkezildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň