Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen milli konserwatoriýasynda Bethoweniň doglan gününe bagyşlanan konsert geçiriler

14:2925.11.2020
0
3272
Türkmen milli konserwatoriýasynda Bethoweniň doglan gününe bagyşlanan konsert geçiriler

27-nji noýabrda Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda saz dünýäsiniň ägirtleriniň biri bolan nemes kompozitory Lýudwig wan Bethoweniň doglan gününiň 250 ýyllygyna bagyşlanan uly konsert geçiriler.

Konserwatoriýanyň Uly zalynda geçiriljek bu döredijilik agşamynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň (pianino), halkara ýaryşlarynyň diplomlarynyň eýesi Stella Faramazowanyň (fortepiýano), Aýbolek Muhyýewanyň (skripka), Bahar Durdyýewanyň (soprano), Bahram Dolyýewiň (skripka), Tahyr Ataýewiň kamera orkestriniň, Merdan Çaryýewiň (skripka), Maýa Gullaýewyň (mezzo-soprano), Kakageldi Hojalekowyň (cello), Emir Baýramgeldiýewiň (fleýta) ýerine ýetirmeginde kompozitoryň ajaýyp eserleri ýaňlanar.

Konsertiň geçiriljek wagty: 18:30.

Habarlaşmak üçin telefon belgi: 92-31-90

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň