Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen hünärmenleri Merkezi Garagum çölünde pisse ösdürip ýetişdirýärler

20:4523.11.2020
0
13985

Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Oba hojalygyny öwreniş institutynyň hünärmenleri, Garagum çölüniň merkezinde pisse we adaty badam ösdürip ýetişdirmek boýunça synaglary geçirýärler. 

Şeýle gözlegler özboluşlydyr, sebäbi zeýkeş (drenaž) ulgamlaryndaky suwlar suwaryş üçin ulanylýar. Bu barada Watan habarlar gepleşiginden habar berilýär.

Hakyky pisse iň gymmatly ýabany we ösdürilip ýetişdirilýän ösümliklerden biridir. Pisse tokaýlarynyň Badhyz goraghanasyna mahsusdygy mälimdir. Bu agaçlaryň kiçi toparlaryny Köpetdag we Köýtendag daglarynyň eteginde hem tapyp bolýar.

Merkezi Garagum çölüniň Garryguly stansiýasynda ösýän pisse agaçlary aýaza çydamly we ýag berijiligi ýokarydyr.

Synaglar 1990-njy ýylda başlandy. Häzirki wagtda ekilen agaçlaryň beýikligi 2 metrden 4 metre çenli ýetýär. Suwaryş üçin ýerasty suwlar ulanyldy. Şeýle hem, organiki däl maddalaryň dürli konsentrasiýasy bolan suwuň pisse, badam we beýleki ösümlikleriň nahallaryna edýän täsiri barada gözlegler geçirildi. Topragyň duzlulygy sebäpli nahallar ýörite gaplara oturdyldy. Gözlegiň netijeleri ösümlikleriň belli bir agrotehniki ülňüleriň berjaý edilmegini talap edýändigini görkezdi. Synagyň netijeleri pisse agaçlaryny köpçülikleýin ösdürip ýetişdirmek üçin ulanmak meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň