Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2020: çempiona baýraklar gowşuryldy

21:2421.11.2020
0
3911

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 26-njy tapgyrynda «Energetik» bilen geçirilen duşuşykdan soňra, möwsümiň çempiony «Altyn asyry» sylaglamak dabarasy boldy.

Çempion topara degişli baýrak we altyn medallar paýtagtdaky «Nusaý» stadionynda gowşuryldy. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň baş kätibi Arslan Aýnazarow toparyň tälimçiler düzümine we futbolçylaryna mynasyp bolan baýraklaryny birme-bir gowşurdy. Çempionlyk kubogyny toparyň kapitany, 30 ýaşly ýarym goragçy Ahmet Ataýew kabul etdi.

«Aragatnaşykçylar» çempionlygyny eýýäm 14-nji noýabrda geçirilen 25-nji tapgyryň duşuşygynda yglan edipdiler. Şol tapgyrda «Altyn asyr» Türkmenistanyň Içeri işler ministrlginiň «Köpetdag» futbol toparyny 3:0 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri bassyr ýedinji gezek çempion bolup, Ýokary liganyň rekordyny täzelediler. Başgaça aýtsak, «Altyn asyr» 2014-nji ýyldan bäri çempionlygy hiç bir garşydaşyna gidirenok.

Bu çempionlyk «aragatnaşykçylara» 2021-nji ýylda AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşmaga mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň