Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory «Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen «Wolganyň döwlet suw ulaglary uniwersiteti» ýokary bilimiň federal döwlet býujet bilim edarasynyň şahamçasy — General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Deňiz we derýa ulaglarynyň Hazar institutynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky ähtnama» türkmen tarapyndan gol çeker.
«Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, munuň üçin degişli ygtyýar berýän Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.