Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 17-nji tapgyrynyň galdyrylan duşuşygynda “Energetik” öz meýdanynda “Aşgabady” 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şeýlelikde, 30 utugy bolan “Aşgabat” 5-nji orny eýelemegini dowam edýär. Çempionatdaky üçünji ýeňşini gazanan “Energetik” toplan 12 utugy bilen ýaryş tertibinde iň soňky, 8-nji orunda barýar.
Futbol çempionatymyzyň 26-nji tapgyrynyň duşuşyklary 21-nji noýabrda geçirilip, onda “Altyn Asyr” – “Energetik”, “Ahal” – “Köpetdag”, “Merw” – “Şagadam” hem-de “Nebitçi” – “Aşgabat” toparlary duşuşarlar.
“Energetik” – “Aşgabat” – 2:1
Gollar: 18 Begli Meredow, 62 Parahat Jumanazarow – 84 Kemal Annamuhammedow.
Duýduryşlar: 22 Alikper Musaibow, 44 Gurbanmyrat Jumagulyýew, 45+3 Parahat Jumanazarow, 67 Mekan Ataýew, 68 Ilýa Salow, 81 Rahmet Şermetow – 61 Azat Rahmanow, 66 Kemal Gurbanow.
Meýdandan çylarylanlar: 89 Ilýa Salow (ikinji duýduryş), Mekan Ataýew (oýundan soň) (“Energetik”)
Geçirilen ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)
Duşuşygyň emini: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), B.Haknazarow (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: R.Isaýew (Mary ş.)
Gözegçi emin: M.Öwezdurdyýew (Mary ş.).