Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystanyň ilçisi Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna onlaýn leksiýa berdi

16:2017.11.2020
0
4593
Gazagystanyň ilçisi Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna onlaýn leksiýa berdi

Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçisi Ýerkebulan Sapiýew Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň we Türkmenistanyň Inžener tehnologiýalary we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplaryna onlaýn leksiýa berdi.

Leksiýa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy.

Yerkebulan Sapiýew sapaga gatnaşyjylara Türkmenistan ― Gazagystan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada gürrüň berdi we gatnaşyklaryň ygtybarly, hoşniýetli häsiýetine ünsi çekdi.

Ilçihananyň «Instagram» sahypasynda berlen onlaýn leksiýa wagtynda Ý.Sapiýew çärä gatnaşyjylar bilen çekişmä gatnaşdy we talyplaryň sowallaryna jogap berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň