Soňky habarlar

Arhiw

“Nokia” hem düwmeli, hem “akylly” telefon çykardy

19:3813.11.2020
0
1537

Soňky wagtlarda käbir kompaniýalar ozalky telefonlarynyň “akylly” görnüşlerini çykarýar. Şeýle brendleriň biri bolan “Nokia” hem düwmeli, hem-de “akylly” telefon çykardy. “Nokia 6300 4G” hem-de “Nokia 8000 4G” atly telefonlar adyndan belli bolşy ýaly 4G aýratynlygy bilen tapawutlanýar. “Nokia” brendiniň söwda maksatly hukuklaryna eýeçilik edýän “HMD Global” mundan ozal wagtynda meşhurlyga eýe bolan “Nokia 3310” bilen bir hatarda birnäçe modeli satuwa çykarypdy. Täze “Nokia 6300 4G”-niň daşky gabarasy plastikadan öndürilipdir. Telefonyň ýüzünde ululygy 2,4 dýuýma barabar QVGA ekran bar. Ekranyň aşagynda bolsa, ozalky telefonlardaky ýaly adaty düwmeler ýerleşdirilipdir. “Qualcomm Snapdragon 210” mikroprosessory oturdylan telefonyň RAM-y 512 MB. VGA kamerasy oturdylan telefonda 3,5 mm-lik gulaklyk girişi göz öňünde tutulypdyr. Şeýle hem “MicroSD” kart dakyp bolýan enjam FM Radio, “LTE Cat 4”, Wi-Fi, “Bluetooth”, A-GPS we goşa SIM-kart ýaly ýokary tehniki  aýratynlyklar bilen üpjün edilipdir.

“Nokia 8000 4G” telefonyň daşky şekili meňzemese-de, tehniki aýratynlyklary “6300 4G” bilen meňzeş. Telefonlaryň ikisine hem “Google Asisstent” kömekçisi oturdylyp, “Nokia 6300 4G” 49 ýewrodan, “8000 4G” 79 ýewrodan satuwa çykarylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň