Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti öňdebaryjy oba hojalykçylary "Watana bolan söýgüsi üçin" medaly bilen sylaglady

23:4006.11.2020
0
7322

Türkmenistanyň Prezidenti Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy:

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Amanaly Baýramgulyýewiç Annadurdyýew,
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Çaryýargeldi Kakabaýew,
Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň «Tejen» daýhan birleşiginiň mehanizatory Mähti Amanyllaýew,
Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ýagmyrgeldi Bagşyýew,
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ahal welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Kaka etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatory Myradberdi Nurýagdyýewiç Rejepow,
Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň «Goç» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Döwletgeldi Hallarow,
Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ogulbaýram Hudaýberdiýewna Hallyýewa,
Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Azatgylyç Garajaýew,
Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň «Ajyýap» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Elýas Hydyrow,
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Balkan welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Serdar etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatory Annamuhammet Aýdogdyýewiç Arbatow,
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň O.Ärsaryýew adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Sultan Seýitämedowiç Nyýazow,
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň «Guýanagyz» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Amangül Selimberdiýewa,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Rejepmyrat Galpakowiç Dadebaýew,
Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň «Oguzboýy» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Kuwat Baýramow,
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşoguz welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Gurbansoltan eje adyndaky etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatory Begmurat Rejepgulyýew,
Lebap welaýat häkimliginiň Oba hojalygynda özgertmeler we döwrebap usullary ornaşdyrmak müdirliginiň başlygy Çary Jumaberdiýewiç Ýoldaşew,
Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Hemrakuly Haýtbaýew,
Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň «Awçy» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Allamurat Joraýewiç Orakow,
Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Akbibi Jumageldiýewa,
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Lebap welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Dänew etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatory Rozymurat Begijanow,
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň G.Azalow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Jumamuhammet Garajaýewiç Baýramow,
Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň «Gyzylgum» daýhan birleşiginiň topar ýolbaşçysy Gülnahal Babajanowna Esenowa,
Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gurbandurdy Amanowiç Janekow,
Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň «Ýalkym» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Çary Kakageldiýewiç Sahatow,
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Mary welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Wekilbazar etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatory Döwletmurat Berdigulyýewiç Annamuhomedow.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň