Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen uniwersitetleriniň talyplarynyň arasynda düzme bäsleşigi geçirildi

11:0605.11.2020
0
14503

Foto:turkmenistan.gov.tm

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Türkmenistanda daşary ýurt dilleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipelerden ugur alyp, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly toýunyň we Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygynyň bellenilýän “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany ýylynda” ýaşlarymyzyň arasynda zehinleri ýüze çykarmak, döwletimiziň alyp barýan hoşniýetli daşary syýasaty babatda bilimlerini artdyrmak, ýaşlarymyzyň ata Watanymyza bolan söýgüsini çuňlaşdyrmak maksady bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerleriniň talyplarynyň arasynda “Durnukly ösüş maksatlary biziň aňymyzda we hereketlerimizde” atly iňlis dilinde düzme ýazmak bäsleşiginiň jemleri jemlendi.

Manyly we häzirki zaman ösüşleri öz mazmunynda jemleýän iň gowy düzmeleri ýazan talyplaryň prezentasiýaly çykyşlary jemleýji maslahatynda diňlenildi. Welaýatlarda ýerleşýän ýokary okuw mekdeplerinden ýeňiji bolanlar teleköpri arkaly göni aragatnaşykda öz çykyşlaryny edip, bu bäsleşigiň has-da şowhunly bolmagyna getirdi.

Bäsleşigiň ýeňijilerine diplomdyr sowgatlar gowşurylyp, ýaşlaryň ata Watanymyza, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzy diňe ösüşlere alyp barýan eziz Arkadagymyza bolan buýsançlary dünýä dillerinde ýaňlanan aýdymlarda öz beýanyny tapdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň