Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen talyplary matematika olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler

14:1513.03.2025
0
7876

2025-nji ýylyň 2-10-njy mart aralygynda Albaniýa Respublikasynyň Korça şäherinde Günorta-Gündogar Ýewropa döwletleriniň uniwersitetleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen 19-njy Halkara matematika olimpiadasynda türkmen talyplary üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Halkara olimpiada ýurdumyzdan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Ýagşygeli Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplaryndan düzülen toparlar gatnaşdy.

Bu olimpiada biziň döwletimiz bilen bir hatarda Albaniýa, Bolgariýa, Serbiýa, Rumyniýa, Gresiýa, Demirgazyk Makedoniýa Respublikalaryndan 35 sany ýokary okuw mekdeplerinden düzülen toparlarda 150-den gowrak talyp çykyş etdi. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary olimpiadada özleriniň zehinlerini görkezip jemi 26 medala, ýagny 3 Altyn, 10 Kümüş, 13 sany Bürünç medallara mynasyp boldular. Şeýle-de, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Ödaýewa Medine Baş Baýragy eýeledi.

12-nji martda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mejlisler zalynda halkara olimpiadanyň ýeňijilerini sylaglandyryş dabarasy boldy. Aýdym-sazly dabaraly çäräniň dowamynda halkara olimpiada talyplary taýýarlan mugallymlara we altyn, kümüş we bürünç medallaryny eýelän zehinli talyplara Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň