Welotrek boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy

21:0103.11.2020
0
4304

Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Welotrek sport toplumynda baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli oktýabr aýynyň 28 — 31-i aralygynda welosportuň welotrek görnüşi boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty geçirildi. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Welosport federasiýasynyň, şeýle hem Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda geçirilen çempionata welosport bilen gyzyklanýan ýaşlaryň onlarçasy gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Tolgundyryjy pursatlara baý bolan çempionatyň netijesine laýyklykda, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Arazmuhammet Nurmedow welotrek sportunyň toparlaýyn start, yza galan çykdy görnüşi boýunça birinji, ýekeleýin start görnüşi boýunça ikinji, git 1000 metr görnüşi boýunça üçünji orna, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Saýlaw Gylyjow git 1000 metr görnüşi boýunça birinji, ýekeleýin start görnüşi boýunça üçünji orna, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag-kommunikasiýalar institutynyň talyby Röwşen Amangeldiýew toparlaýyn start, yza galan çykdy görnüşde ikinji, sprint görnüşi boýunça üçünji orunlara, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Mahmyt Aşyrow sprint görnüşi boýunça birinji, toparlaýyn start, yza galan çykdy görnüşi boýunça üçünji orna, Aşgabat şäherindäki 100-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Gadam Köşiliýew ýekeleýin start görnüşi boýunça birinji, git 1000 metr görnüşi boýunça ikinji orna mynasyp bolmagy başardy.

Ýeňiji bolan türgenlere Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de Welosport federasiýasynyň Hormat hatlarydyr medallary, birinji orny eýelänlere kuboklar, şeýle-de «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik banky tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň