Türkmenistanda harby gullukçylaryň ätiýaçlandyryş pullarynyň möçberi artdyryldy

11:4130.10.2020
0
1965

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 29-njy oktýabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer G.Müşşikow döwlet Baştutanyna ätiýaçlandyryş işini ösdürmek, raýatlara hem-de ýuridik şahslara ýokary hilli ätiýaçlyk hyzmatlaryny hödürlemek hem-de degişli kadalaşdyryjy-hukuknamalary kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, «Harby gullukçylaryň we harby borçlularyň, içeri işler edaralarynyň hatarçylar hem-de ýolbaşçylar düzüminden bolan adamlaryň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2010-njy ýylyň 31-nji martyndaky Kararyna laýyklykda, harby gullukçylaryň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy amala aşyrylýar.

2017-nji ýylda «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen baglylykda we harby gullukçylary harby gullugy geçýän döwründe ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek maksady bilen, harby gullukçylaryň, harby ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlaryň we içeri işler edaralarynyň işgärleriniň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasyny geçirmegiň we ätiýaçlandyryş pullaryny tölemegiň tertibiniň taslamasy täzeden işlenip taýýarlanyldy.

Resminamanyň taslamasy täze kanunçylygyň talaplaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Onda hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy boýunça ätiýaçlandyrylan şahslara ätiýaçlandyryş pullaryny tölemekde resminamalary resmileşdirmegiň tertibi ýönekeýleşdirildi, ätiýaçlandyryş halatlaryny kesgitlemegiň şertleri, ätiýaçlandyryş pullaryny tölemegiň usullary has anyk beýan edildi we ätiýaçlandyryş pullarynyň möçberleri artdyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, jemgyýetçilik durmuşynyň ykdysady, hukuk we durmuş ulgamlarynyň möhüm bölegi bolup durýan, aýry-aýry raýatlaryň, guramalaryň we tutuş jemgyýetiň bähbitlerini goraýan ätiýaçlandyryş ulgamynyň ähmiýetini nygtady.

Milletiň Lideri harby gullukçylaryň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasynyň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýer G.Müşşikowa hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň