Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda welotrek boýunça Türkmenistanyň çempionatyna badalga berildi

19:3728.10.2020
0
4987

Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Welotrek binasynda sportuň bu görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty ýaýbaňlandyryldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginiň şu günki goýberilişinde aýdyldy.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan ýaryşa ýurduň iň gowy welosiped sürüjileri gatnaşýar. Milli çempionat welosportuň Türkmenistandaky taryhynyň esasy wakalarynyň birine öwrülip, ol milli ýygyndyne emele getirmäge mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Milli welosiped federasiýasy ýaryşyň guramaçylary bolup çykyş edýärler.

Ýeri gelende, geljek ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda welotrek boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljekdigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň