Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň 2020-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda çykaran 507-Ö belgili buýrugy bilen Döwlet ýer kadastrynyň maglumatlaryny bermegiň Tertibi tassyklanyldy.
Bu buýruk «Döwlet ýer kadastry hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 31-nji maddasynyň bäşinji böleginiň talaplaryny ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi.
Resminamanyň doly görnüşini Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtyndaky şu salgydan okap bilersiňiz.