Soňky habarlar

Arhiw

«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

23:4927.10.2020
0
4349

Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan taýýarlanýan «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň her çärýekde neşir edilýän nobatdaky sany çapdan çykdy ― diýip, TDH habar berýär.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilýän bu žurnal hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisinde, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde eden wideoçykyşlary bilen başlanýar.

Okyjylara hödürlenýän mowzuklaýyn makalalaryň hatarynda «Döwletliligiň, demokratiýanyň we halkara gatnaşyklarynyň ösüşi», «Halkara ynsanperwer hukugy: hukuk kadalaryndan — hereketlere», «Saglyk — howpsuzlyga we durnukly ösüşe ýol»,«Türkmenistanda administratiw kanunçylygyň konstitusion hukuk ýörelgeleri we ösüş ugurlary», «Döwletiň we hukugyň taryhynda Konstitusiýanyň orny» ýaly makalalar bar.

Bu neşir «Senenama» ady bilen berilýän maglumatlar toplumy bilen jemlenýär. Onda geçirilen duşuşyklar, maslahatlar, mejlisler, şol sanda abraýly halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde guralan maslahatlar barada maglumatlar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň