Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň ilçihanasy Türkmenistandan ýörite uçuşy amala aşyrdy

22:3825.10.2020
0
30965

25-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralan Türkmenabatdan Moskwa ýene-de bir çarter uçuşy amala aşyryldy. Diplomatik wekilhanada habar berişleri ýaly, S7 Airlines awiakompaniýasynyň howa gämisi bilen 169 sany RF-iň raýaty, şeýle hem Russiýada hemişelik ýaşamaga esasy bolan şahslar uçdy.

2020-nji ýylyň martynda dünýädäki epidemiologik ýagdaý sebäpli awia gatnawlar togtadylan döwründen bäri, bu eýýäm Türkmenistandan Moskwanyň «Domodedowo» howa menziline amala aşyrylan dördünji ýörite uçuşdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň