Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 23-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer E.Orazgeldiýew döwlet Baştutanyna ýakyn wagtda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk çäresiniň meýilleşdirilendigi, bag ekiljek ýerleri we bag nahallaryny taýýarlamak boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi. Bu barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk çäresine ekologiýa nukdaýnazaryndan aýratyn ähmiýet berilýändigini, bu möwsümiň ýaş nesilleriň halal zähmet ruhunda terbiýelenilmeginde möhüm orun eýeleýändigini, onuň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagynyň bu asylly işe halkymyzda mukaddeslik hökmünde hormat goýulýandygyny alamatlandyrýandygyny we onuň ýagşy dessura öwrülendigini belledi.
Döwlet Baştutany wise-premýere hem-de welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimlerine ýüzlenip, bag ekmek möwsümine örän jogapkärçilikli, toplumlaýyn hem-de guramaçylykly çemeleşilmelidigini belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem köpçülikleýin bag nahallaryny ekmegi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa hem-de ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna hem degişli tabşyryklar berildi.
«Türkmenportala» mälim bolşuna görä, bu çäre 7-nji noýabrda meýilleşdirilýär.