«Commerzbank» Türkmenistan bilen däp bolan netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýar

23:4622.10.2020
0
9400

Şu gün Germaniýanyň “Commerzbank” bankynyň Lýuksemburg Beýik Gersoglygyndaky şahamçasynyň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ― diýip, TDH habar berýär.

Onlaýn gepleşiklere Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi bankyň hem-de Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň wekilleri gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, GFR-iň we umuman, Ýewropanyň maliýe toparlarynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli maliýe-bank ulgamyny pugtalandyrmak boýunça görülýän netijeli çärelere ýokary baha berilýär. Şol çäreler dünýä ykdysadyýeti üçin häzirki çylşyrymly döwürde ýurdumyzda durnuklylygy we durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň ýokary depginlerini saklamaga mümkinçilik berdi.

Şunuň bilen baglylykda, serişdeleriniň mukdary boýunça ikinji orunda bolan Germaniýanyň bu bankynyň wekilleri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan makroykdysady özgertmelerini hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny nazara alyp, türkmen banklary bilen mundan beýläk-de gatnaşyk etmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýewropanyň iri bank konserniniň wekilleri tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň durnukly ösüşinde Türkmenistanyň eýeleýän möhüm ornuny nygtap, Türkmenistanyň gülläp ösüş we rowaçlyk ýoly bilen has-da üstünlikli öňe ilerlemegini gazanmak maksadynda “Commerzbankyň” däp bolan netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny aýtdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň