Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen folklorçylary Hekaýatçylaryň Bütinrussiýa festiwalynyň çägindäki maslahata gatnaşarlar

20:3819.10.2020
0
3139

Türkmenistanly alymlar we folklorçylar 30 ― 31-nji oktýabr günlerinde Ufa şäherinde geçiriljek Hekaýatçylaryň Bütinrussiýa festiwalynyň çägindäki ylmy-amaly maslahata göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşarlar. Bu maslahat milli däp-dessurlaryň hazirki zaman dünýäsindäki ornuna bagyşlanar.

Bu maslahat, şol bir wagtyň özünde VI Dünýä folkloiadasyna taýýarlygyň bir tapgyryna öwrüler. Oňa biziň ildeşlerimizden başga-da Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Ermenistanyň, Kalmygystanyň, Tatarystanyň, Ýakutystanyň, Başgyrdystanyň, Dagly Altaýyň, Ýekaterinburgyň, Moskwanyň, Sankt-Peterburgyň we beýleki käbir ýerleriň alymlary gatnaşar.

Ýeri gelende aýtsak, festiwala halk döredijiliginiň dürli görnüşleri boýunça wekiller gatnaşar. Ilkinji gezek onlaýn görnüşde geçiriljek bu festiwal geçen ýyllarda ýatdan çykmajak şüweleňe beslenipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň