Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň “Ak pamyk” söwda merkezine täze harytlar geldi

20:3014.10.2020
0
20984

 Paýtagtyň "Akpamyk" söwda merkezinde ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleriň we aýakgap önümleriň täze tapgyry gelip gowuşdy.

Häzirki wagtda söwda merkezi alyjylara elýeterli bahalar boýunça ýokary hilli we döwrebap dizaýnly önümleriniň giň görnüşini hödürleýär. Hususanda, söwda merkezinde ADT, GALA, BURGUT, NUSAÝ, ÝEŇIŞ, BEDEW, Ruhabadyň panbarhat fabriginiň, Geokdepe gön zawodynyň, Aşgabadyň medisina hem-de kosmetiki pamyk önümlerini öndürýän kärhanasynyň we ýurdumyzyň beýleki fabrikleriniň harytlaryny satyn almak bolýar.

Söwda merkeziniň ýaraşykly otaglarynda öý üçin dokma önümleri, deri aýakgaplary, matalar, ýüpek ýaglyklar, ulular we ýaş kiçilere niýetlenen sport, jinsiden we trikotaž matadan edilen eşikler, zenan maşgalalar üçin örülen üst başlary we ýeňsizleri görmek bolýar.

"Akpamyk" SM-niň salgysy: Bitarap Türkmenistan şaýoly, 85/1.

"Akpamyk" söwda merkezinde täze dokma önümleri fotoreportažymyzyň üsti bilen söwda merkeziniň önümleri barada has giňişleýin maglumaty alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň