Türkmenistan “Eksport-import amallary üçin bitewi penjire” taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada Ähtnama goşuldy

22:1913.10.2020
0
6912

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, BMG-niň Ösüş maksatnamasy hem-de BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy ýurdumyzda (ÝUNKTAD) “Eksport-import amallary üçin bitewi penjire” taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada Ähtnama gol çekdiler. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Ähtnama gol çekmek dabarasy ýurdumyzyň DIM-inde wideomaslahat görnüşinde ÝUNKTAD-nyň Baş sekretary Mukisa Kituýi hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebit býurosynyň direktory Miriýana Spolýariç Egger bilen geçirilen duşuşykda geçirildi. Şeýle hem duşuşyga BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesine ýerine ýetiriji Natiýa Naswlişwili gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, hususan-da, ÝUNKTAD we BMGÖM bilen strategiki hyzmatdaşlyk boýunça durmuşa geçirýän syýasatyna ýokary baha berildi. Şunuň bilen baglylykda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, durnukly ulag we söwda ulgamlarynda soňky bäş ýylyň dowamynda netijeli hyzmatdaşlygyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

ÝUNKTAD bilen hyzmatdaşlykda BMGÖM-niň işjeň gatnaşmagynda häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna “ASYCUDA World” utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamy ornaşdyryldy we ösdürilýär.

Bu ulgam “Eksport-import amallary üçin bitewi penjire” ulgamyny ýurdumyzyň maliýe ulgamyna, hususan-da, bank ulag we beýleki ugurlara, şeýle hem “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugyna tapgyrlaýyn we netijeli ornaşdyrmak üçin esas bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň