Soňky habarlar

Arhiw

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşi yza süýşürildi

12:3913.10.2020
0
4926

16-njy oktýabrda Daşkentde geçirilmegi meýilleşdirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi yza süýşürildi, diýip Russiýanyň Prezidentiniň metbugat-sekretary Dmitriý Peskow RIA Nowosti agentligine habar berdi.

«Mejlisiň möhleti süýşürildi» - diýip, Peskow belledi.

2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan GDA-da Özbegistan başlyklyk edip başlaýar. GDA-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň maglumatlaryna görä, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi 16-njy oktýabrda wideomaslahat görnüşinde geçirilmelidi.
Belläp geçsek, 2019-njy ýylyň oktýabrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Aşgabatda geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň