Türkmenistan BMG-niň bosgunlaryň işi baradaky mejlisine gatnaşdy

14:1112.10.2020
0
6233

5 ― 9-njy oktýabr aralygynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 71-nji mejlisi geçirildi. Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlise BMG-niň degişli müdirliginiň wekilleri we agza döwletleriň wekilleri gatnaşdylar. Mejlise Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň umumy ýygnagynyň ikinji  gününde  Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekili sanly wideoaragatnaşyk arkaly çykyş edip, Türkmenistanyň migrasiýa ulgamynda ulgamlaýyn işleriň, şeýle hem dünýäniň abraýly halkara guramalary we olaryň düzümleri bilen durmuşa geçirýän ähmiýetli işleri babatda ýurdumyzyň toplan oňyn tejribeleri barada gürrüň berdi. Çykyşyň dowamynda Durnukly ösüş maksatnamasynyň çäklerinde häzirki döwrüň esasy talap edýän düzgünine girizilen howpsuz, kanuny we jogapkärli migrasiýany döretmekdäki ýurdumyzyň alyp barýan işleri barada belledi.   

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekiliniň çykyşyndan soňra, Birleşen Milletler guramasynyň Bosgunlaryň işi  baradaky Ýokary Komissary Filippo Grandi, raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça Türkmenistanyň alyp barýan işlerine minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň bu babatda tejribesiniň beýleki döwletlere nusgalykdygyny belledi hem-de ynsanperwer başlangyçlaryň mundan beýläk hem dowam etjekdigine ynam bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň