Türkmenistanda 2021-nji ýylyň nyşany ugrunda bäsleşik geçiriler

11:1910.10.2020
0
7106

9-njy oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde milletiň Lideri öňde duran möhüm wezipeler barada durup geçip, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanyň teklibini kabul edip, 2021-nji ýyly Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmegi bilen baglylykda, geljek ýylda bu başlangyjy durmuşa geçirmäge gönükdirilen ençeme halkara hem-de içerki çäreleriň geçirilmelidigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, täze ýyla çenli galan wagtyň içinde geljek ýylyň iň gowy nyşany üçin bäsleşigi yglan etmek zerurdyr.

Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa hem-de beýleki wise-premýerlere we ýolbaşçylara ýüzlenip, 2021-nji ýylda geçiriljek çäreleriň maksatnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Bu maksatnama Ministrler Kabinetiniň mejlisleriniň birinde serediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň