7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň Aşgabatdaky wekilhanasynynyň ýolbaşçysy F.Türkmenoglunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi — diýip, daşary syýasat edarasynyň resmi saýty habar berýär.
Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň, şeýle-de Merkezi bankynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda ÝTÖB bilen giň gerimli ugurlar boýunça, şol sanda, energetika, ulag pudagynda, ekologiýa düzüjileri nazara almak bilen kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek pudagynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi barada aýdyldy. Bilelikdäki işi häzirki ýagdaýlara we wehimlere, şol sanda global pandemiýa döwründäki şertlere uýgunlaşdyrmagyň zerurlygy barada bellenip geçildi. ÝTÖB özüniň Türkmenistan boýunça 2019-2024-nji ýyllar üçin Ýurt strategiýasyna laýyklykda türkmen tarapyna geljekde hem ýardam berjekdigini tassyklady.
Taraplar hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmek barada pikir alyşdylar hem-de gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän ähli pudaklary boýunça mümkinçiliklerine seredip geçdiler.