Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilermenler bilen ÝUNESKO-nyň Konwensiýasyna goşulmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

22:0902.10.2020
0
8430

Wideomaslahat görnüşinde ýurdumyzyň dürli edaralarynyň we kärhanalarynyň wekilleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça (ÝUNESKO) bilermenleri bilen iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürliligini goramak we höweslendirmek hakyndaky Konwensiýa hem-de oňa Türkmenistanyň goşulyşmagy baradaky meselelere garaldy.

Bu iş maslahaty maslahat beriş häsiýetli bolup, ýakynda, 30-njy sentýabrda DIM-de ÝUNESKO-nyň Baş sekretary hanym Odri Azulaý bilen geçirilen onlaýn gepleşikleriň dowamyna öwrüldi.

Bu gezek ady agzalan Konwensiýanyň köptaraply ähmiýeti nazara alnyp, ýurdumyza Medeniýet ministrligi, Döwlet habarlar agentligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Ylymlar akademiýasy we Bilim ministrligi, Adalat ministrligi we Adalatçynyň diwany ýaly döwlet edaralary wekilçilik etdi.

ÝUNESKO tarapyndan Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürliligini goramak we höweslendirmek hakyndaky Konwensiýanyň sekretariatynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Olar bu halkara ylalaşygyna goşulyşmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreler, onuň wezipeleri we maksatlary barada gürrüň berdiler.

Türkmenistan tarapyndan çykyş edenler ýurdumyzyň milli we umumadamzat gymmatlyklaryny gorap saklamaga, açyk hem-de netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň esasynda döwletleriň we halklaryň arasynda dostluk hem-de ynanyşmak gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna ygrarlydygyny nygtadylar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goşýan ägirt uly şahsy goşandy, döwlet Baştutanymyzyň milli we umumydünýä medeni mirasynyň goralyp saklanylmagyna berýän ünsi aýratyn bellenildi.

Türkmen tarapynyň wekilleri Konwensiýa goşulyşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler hem-de ÝUNESKO-nyň bilermenleri bilen şuňa degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürliligini goramak we höweslendirmek hakyndaky Konwensiýa ÝUNESKO tarapyndan 2005-nji ýylda kabul edildi hem-de 2007-nji ýylyň mart aýynda güýje girdi. Ol medeni maksatly hyzmatlar—“aýratyn häsiýetli önümler” ulgamynda işleri goldamagyň anyk ugurlaryny düzgünleşdirýär hem-de döwlet we hususy ulgamlaryň, raýat jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny göz öňünde tutýar.

Konwensiýa bir zynjyryň aýrylmaz bäş halkasynyň—döredijilik, önümçilik, ýaýratmak, elýeterlilik we medeni desgalardan peýdalanmak ýaly ugurlaryň jemgyýete peýda getirmegi üçin oňaýly ýagdaýy döretmek wezipesini öňde goýýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň