Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Halkbank» 3 göterimlik keşbek hyzmatyny hödürleýär

15:1602.10.2020
0
10464

Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň müşderileri 2020-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli «Altyn asyr» aýlyk kartlary arkaly geçirilen hasaplaşyklary üçin 3 göterimlik keşbek hyzmatyndan peýdalanarlar. Bu barada bankyň resmi saýty habar berýär.

Diňe «Halkbankyň» müşderilerine degişli bolan täze höweslendirmeden Türkmenistanyň çägindäki söwda nokatlaryndan nagt däl görnüşinde haryt satyn alnanda we hyzmatlar üçin tölegler nagt däl görnüşinde geçirilende peýdalanyp bolýar. Bir aýyň dowamynda amala aşyrylan nagt däl tölegiň umumy mukdarynyň 3 göterimi müşderiniň özüne gaýdyp berilýär. Şunda kartyň hasabynda ýeterlik serişde bar bolsa, tölegleriň mukdarynyň çäklendirilmeýändigini hem dykgatyňyza ýetirýäris. Keşbek hyzmaty boýunça goşmaça girdeji her aýyň 25-i güni müşderiniň aýlyk kart hasabyna gaýdyp berler we müşderi bu barada ýörite SMS arkaly habarly ediler.

Täze hyzmat bilen has içgin tanyşmak üçin bankyň telefon belgileri: (993 12) 44-48-37; (993 12) 44-49-27.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň