Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly talyp Belarusyň pankration çempionatynda kümüş medal gazandy

16:2001.10.2020
0
9785

Türkmenistanly talyp Abdylla Taýhanow pankration boýunça Belarusyň çempionatynda 71 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy. Bu barada Belarusyň Pankration we başa-baş söweş sungaty federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Ildeşimiz finalda ýerli türgen Rustam Mohammadudan asgyn gelip, hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy. Bürünç medaly bolsa ýene bir ýerli türgen Denis Beloglazow eýeledi.

Ýaryş we medal gowşurylyş dabarasy 26-njy sentýabrda, Molodeçno şäherindäki sport merkezinde geçirildi.

Ozal karate bilen meşgullanan Abdylla Taýhanow Türkmenistanyň milli ýygyndyndysynyň hatarynda baýrakly orunlara hem mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň