Soňky habarlar

Arhiw

Murgap derýasynda awtomatik suw ölçeýjiler oturdylar

21:0529.09.2020
0
16149

Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine şu gün Murgap derýasynyň boýundaky 14 nokatda guruljak suw sarp edilişini awtomatiki ölçeýji enjam gowşuryldy.

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň metbugat beýanatyna görä, bu çäre Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin daşky gurşaw merkeziniň (CAREC) «Suw, bilim we hyzmatdaşlyk» (Akylly suwlar) taslamasynyň çäginde amala aşyryldy.

Awtomatlaşdyrylan suw ölçeg ulgamy suw joşmalary barada öňünden duýduryş bermek üçin döredildi we ýerli ýaşaýjylary suw daşgynlaryndan goramakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Ulgam Murgap derýasynyň dürli nokatlaryndaky suwuň derejesine we suwaryş akymyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Bu taslama Merkezi Aziýa we Owganystan ýurtlarynyň suw dolandyryşy boýunça tehniki mümkinçiliklerini artdyrmaga, serhetara meseleler boýunça gepleşikleri ýeňilleşdirmäge we umumy suw çeşmelerini dolandyrmaga ukyply hünärmenler toparyny döretmäge kömek etmek üçin döredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň