Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda baýramçylyk konserti geçirildi

22:0527.09.2020
0
9549

«Aşgabat» aýdym-saz merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi.

Çykyşlara sahna ýyldyzlary, ýaş hem-de ussat estrada aýdymçylary, halk döredijilik we tans toparlary, Döwlet hory, «Altyn asyr» orkestri, çagalar döredijilik toparlary gatnaşdylar.

Konsert Watanymyza bolan belent buýsanç bilen ýerine ýetirilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly sahnalaşdyrylan edebi-sazly çykyş bilen başlandy. Baýramçylyk maksatnamasyna türkmen operalaryndan ariýalar hem-de milli şygryýetiň nusgawy şahyrlarynyň eserlerinden düzülen aýdymlar girizildi. XX asyryň görnükli şahyrlary Kerim Gurbannepesowyň hem-de Gurbannazar Ezizowyň sözlerine döredilen aýdymlar halkymyz tarapyndan söýlüp diňlenilýär. Halk sazlarynyň we küştdepdi tansynyň gaýtadan işlenilen täze görnüşleri görkezildi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli dürli öwüşginli feýerwerkler asmany bezedi. Asmanda gümmürdän köpöwüşginli feýerwerkler ýurdumyzda dowam edýän dabaralaryň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň