Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli iş kesilen 812 raýatyň we 3 sany daşary ýurtly raýatyň günäsi geçildi. Türkmenistanyň Prezidenti bu baradaky degişli Permana gol çekdi.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu gün geçirilen mejlisinde däp bolşy ýaly, beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň ýurdumyzyň baş baýramynyň öňýanynda günäsiniň geçilýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow jenaýat edendikleri üçin iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işler hem-de degişli resminamalaryň taslamasynyň taýýarlanylandygy barada hasabat berdi.
Milletiň Lideri hasabaty diňläp, asylly däbimize eýerip, iş kesilen 812 raýatymyzyň hem-de 3 sany daşary ýurtly raýatyň ýurdumyzyň durmuşyndaky nobatdaky şanly sene mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permanlara gol çekdi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Biz günä geçmek çäresini geçirmek bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilik döredýäris diýip, döwlet Baştutany belledi.
Milletiň Lideri welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara ýüzlenip, günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutany günäsi geçilen adamlara bolsa, yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.