Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ-nyň Hökümeti Türkmenistanyň Döwlet sirkine ýörite enjamlary gowşurdy

23:4022.09.2020
0
12597

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde ABŞ-nyň Hökümetiniň we amerikan halkynyň adyndan Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň wekillerine ýörite enjamlary gowşurmagyň onlaýn çäresi geçirildi — diýip, TDH ýazýar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilçihanasynyň «Meridian» halkara merkezi bilen bilelikde geçiren bu çäresi şanly senä — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygyna bagyşlanyldy.

ABŞ-nyň ýurdumyzdaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili hanym Waleri Çittenden wideoaragatnaşyk ulgamy boýunça çykyş edip, şu günki çäräniň dostlukly döwletara gatnaşyklaryň nyşany bolup durýandygyny, olary üstünlikli ösdürmek üçin iki ýurduň ýolbaşçylarynyň ähli amatly şertleri döredýändigini belledi.

Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň sirk toparlarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklar ýola goýuldy, bu bolsa toplanan tejribäni alyşmak, ussatlygy kämilleşdirmek, sirk sungatynyň dürli žanrlarynyň wekilleriniň, şol sanda howa gimnastlarynyň hünär derejesini artdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Olar üçin gelip gowşan enjamlaryň içinde howa akrobatikasy üçin zerur abzallar hem bar.

Medeniýet ulgamynda ýola goýlan netijeli türkmen-amerikan gatnaşyklary tutuş dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe bolan «Açyk gapylar» syýasatynyň hem-de giň halkara hyzmatdaşlygyň ynsanperwer ugruna aýratyn ähmiýet berilýändigini alamatlandyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň