Baýramalyda täze ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi

13:3821.09.2020
0
6647

Baýramaly şäheriniň «Altyn asyr» köçesiniň ugrunda 4 gatly, 24 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi — diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Iri şähergurluşyk taslamalarynyň çäginde, paýly gurluşyk esasynda gurlan täze ýaşaýyş jaýyny Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Türkmenabat şäherindäki «Demirbetonkonstruksiýa» kärhanasynyň işçileri bina etdiler.

Onuň açylyş dabarasyna Baýramaly şäheriniň bagtyýar ýaşaýjylary, gurluşykçylar medeniýet ulgamynyň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri, mährem eneler we ýaşlar gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda ýaşaýyş jaýynyň gurluşygynda zähmet çeken öňdebaryjy gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýyna eýe bolan bagtyýar maşgalalara täze jaýlaryň açarlarynyň gowşurylmagy bolsa, dabaranyň iň bir şatlykly pursady boldy. Dabara gatnaşanlar täze jaýlara göçüp gelen maşgalalaryň jaý toýlarynyň myhmanlary bolmak bilen, öýleriň otaglarynda döredilen amatly şertler bilen tanyşdylar.

Täze ýaşaýyş jaýlarynyň otaglary iki we üç otagdan ybarat bolup, olarda adamlaryň oňaýly ýaşamagy üçin ähli şertler döredilipdir. Ähli amatlyklary bolan täze jaýlara göçüp baran bagtyýar maşgalalar dabaraly günde jaý toýlaryny toýlap, toý saçaklaryny giňden ýazyp, dürli tagamlary taýýarlap, myhmanlara olardan hödür etdiler.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň