Soňky habarlar

Arhiw

«Salkyn otag» kompaniýasy arzanlaşyk yglan edýär

11:4721.09.2020
0
13954

Tomus tamamlandy, indi bize sowuk günler garaşýar. Ýöne «Salkyn otag» kompaniýasy öz müşderileri bilen gyzgyn gatnaşygyny nobatdaky aksiýa arkaly dowam etdirýär.

Has takygy, sentýabr aýynyň ahyryna çenli GREE markaly sowadyş-ýyladyş ulgamlary bolan kondisionerleriň şu görnüşlerini 20 göterimlik arzanladyş bilen satyn alyp biljekdigiňizi habar berýäris:

  • GREE 12000 BTU kondisioneri, meýdany 40 inedördül metr;
  • GREE 18000 BTU kondisioneri, meýdany 60 in.m;
  • GREE 24000 BTU kondisioneri, meýdany 80 in.m.

Harytlarda şu hyzmatlar kepillendirilýär: eltip we gurnap bermek, 2 ýyllyk kepillik.

Gree, Electrolux, Carrier, Zanussi, Ballu haryt nyşanly önümleriň bahalary we aýratynlyklary bilen şu salgy arkaly tanyş bolup bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň