Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ösüşiň täze belentliklerine tarap» neşiriniň saýlanan eserleriniň 13-nji jilti çapdan çykdy

20:5918.09.2020
0
7158

«Ösüşiň täze belentliklerine tarap» neşiriniň saýlanan eserleriniň nobatdaky 13-nji jilti çapdan çykdy. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzyň täze taryhyna «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar bilen giren 2019-njy ýyldaky maksatnamalaýyn çykyşlary, ylmy makalalary, interwýulary, halkymyza ýüzlenmeleri we gutlaglary girizildi — diýip, TDH habar berýär.

Kitap «Watanymyzyň taryhy ösüşiň täze tapgyrynda gülläp ösüşi» atly gysgaça seljerme syny bilen açylýar. Onda jemgyýetçilik-syýasy durmuşdaky ähmiýetli wakalar, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Döwlet adam üçindir!» diýen çuň manyly şygarynda öz beýanyny tapýan oňyn ugurly we ynsanperwer manyly syýasaty şöhlelendirilýär.

Neşir wajyp ylmy-resminamalaýyn we maglumat-aň-bilim çeşmesi bolup, döwletimiziň häzirki syýasatynyň many-mazmunyny açyp görkezýär, durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň depginini, Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň özgertmeleriniň çuňlugyny we täzeçilligini aýdyň şöhlelendirýär.

Döwlet Baştutanynyň kitaba girizilen işleri taryhçylar, syýasatşynaslar, jemgyýeti öwrenijiler üçin olaryň geljekki ylmy seljermelerinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň häzirki taryhy ýoluny döredijilikli beýan etmekde nazaryýet we tejribe gymmatlygyna eýedir.

Kitabyň milletiň Lideriniň mähriban Watanymyzy gülletmegiň bähbidine alyp barýan syýasatyny resminama çeşmeleriniň esasynda giňden wagyz etmekde, jemgyýetdäki syýasy, ykdysady, durmuş, medeni babatdaky oňyn özgertmeleri beýan etmekde ägirt uly ähmiýeti bardyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň makalalarynyň çap edilmegi ýaş nesli watansöýüjilik, ynsanperwerlik, zähmeti söýmek we ýokary ahlak ruhunda terbiýelemekde, olarda raýat jogapkärçilik duýgusyny, sagdyn durmuş ýörelgesini döretmekde bahasyna ýetip bolmajak orny eýeleýär.

Türkmen we rus dillerinde neşir edilen nobatdaky jilt ylmy-maglumat bölümi bilen üpjün edilendir. Goşundyda at we ýer-ýurt görkezijileri, gysgaltmalaryň sanawy berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň