Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan migrantlaryň we jemgyýetleriň durmuş-ykdysady ýagdaýyna pandemiýanyň täsirini peseltmek boýunça sebitleýin taslamasyna wekilçilik edýär

18:0818.09.2020
0
11723

Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň “Merkezi Aziýada we Russiýa Federasiýasynda migrantlaryň we jemgyýetleriň durmuş-ykdysady ýagdaýyna COVID-19 pandemiýasynyň täsirini peseltmek” atly taslamasynyň çäklerinde sebitleýin maslahaty geçirildi. Göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahata Migrasiýa boýunça Halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy jenap Zeýnal Hajiýew, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň degişli döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we degişli gulluklarynyň wekilleri gatnaşdylar. Ýurdumyzyň adyndan wekilçilik edip, degişli döwlet edaralary bilen birlikde, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän maslahata gatnaşdylar. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berilýär.

Maslahatyň barşynda, oňa gatnaşyjylar häzirki wagtda global wehime öwrülen COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşde halkara hyzmatdaşlygynyň we bilelikdäki tagallalaryň ähmiýetine mynasyp baha berdiler. Bu ugurdaky milli we sebit derejesindäki işleriň bilelikde utgaşdyrylmagy pandemiýanyň ýaýramagynyň öňüni almakda we oňa garşy göreşde esasy wezipeleriň hatarynda durýar.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly maslahatyň dowamynda, wekiliýetler Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň migrantlaryň we jemgyýetleriň durmuş-ykdysady ýagdaýyna pandemiýanyň täsirini peseltmek boýunça sebitleýin taslamasy bilen giňden tanyşdyryldy. Taslamanyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleri sebit we milli derejede durmuşa geçirmekligiň mümkinçilikleri we bu barada taraplaryň özara garaýyşlaryny we pikirlerini öwrenmek maslahatyň gün tertibiniň esasyny düzdi.

Maslahatyň ahyrynda, taraplar özara we abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň