Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara mediaforum geçirildi. Oňa köpçülikleýin habar beriş ulgamyndaky abraýly halkara we sebit guramalarynyň, diplomatik toparlaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, syýasatşynas bilermenler gatnaşdylar — diýip, TDH habar berýär.
Wideomaslahat aragatnaşygy arkaly 68 ýurtdan wekilleriň 300-den gowragy oňa goşulyşdylar. Ol Söwda-senagat edarasynda onlaýn görnüşde geçirildi.
Şu mediaforuma gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň geçen çärýek asyrda döwletimiziň Bitaraplyk derejesiniň ýokary netijeliligini subut edendiginiň anyk mysallaryny getirdiler.
Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji, Türkiýe Respublikasynyň «TRT» teleradiokorporasiýasynyň baş direktory we başlygy Ibragim Eren sebitleriň hem-de yklymlaryň ýurtlarynda türkmen Bitaraplygynyň oňyn tejribesine uly üns berilýändigini nygtady.
ABU-nyň baş sekretary Jawad Mottagi Türkmenistanyň bitaraplyk syýasaty netijesinde, oňyn gepleşikleriň hem-de halkara hyzmatdaşlygyň açyk meýdançasyna öwrülendigini, sebitde hem-de tutuş dünýäde parahatçylygy üpjün etmäge uly goşant goşýandygyny belledi.
Hindistanyň «Prasar Bharati» ýaýlymlar kompaniýasynyň baş direktory, Şri-Lankanyň «MTV Channel» toparynyň, Ýewropanyň ösüş we howpsuzlyk institutynyň ýolbaşçylary we beýleki çykyş edenler dünýä bileleşiginiň Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde dawaly meseleleri çözmäge gönükdirilen sazlaşykly hereketleriň örän wajypdygy barada birmeňzeş pikiri aýtdylar.
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň nusgasy ylalaşdyryjy çözgütleri gazanmagyň netijeli guraly bolup biler diýip, foruma gatnaşyjylar bellediler.